Biz barada

  Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmengala etrabynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky pagta egirme fabrigi

Bu fabrik Türkiýäniň „Engin Grup“ Konsersiumy we Türkmenistanyň oba hojalyk we azyk ministrligi bilen 1992-nji ýylyň maý aýynyň 15-ne baglaşylan № 612-00030863/5 şertnama esasynda guruldy. 1994-nji ýylyň Mart aýynda ulanylmaga berildi. 1995-nji ýylyň mart aýynyň 01-dan Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň garamagyna berildi. Onuň eýeleýän meýdany 5,22 ga, önümçilik üçin meýdany 1,2 ga. Iş 3 tapgyrda arakesmesiz 8 sagatdan alynyp barylýar. Fabrik pagta süýüminden pnewmomehaniki usulda ýüplük öndürmek üçin niýetlenendir. № 14 metrleýin ýüplük öndürilende ýylda 10,5 müň tonna ýüplük öndürmäge ukyplydyr. Häzirki wagtda ýüplükleriň №14,17,20,34 görnüşleri öndürilýär. Sarp edijiniň buýrmasy boýunça egirme enjamlary dürli ölçegdäki, ýagny № 10 we 40 aralygynda ýüplükleri öndürip bilýär. Ol dokma hem-de trikotaž önümçiligine niýetlenendir.

Fabrigiň işleýşi barada:

Häzirki wagtda ýüplükleriň №14,17,20,34 görnüşleri öndürilýär. Sarp edijiniň buýrmasy boýunça egirme enjamlary dürli ölçegdäki, ýagny № 10 we 40 aralygynda ýüplükleri öndürip bilýär. Ol dokma hem-de trikotaž önümçiligine niýetlenendir. Pagtanyň 1, 2, 3, 4 sortlarynyň 4-5 süýüm görnüşleri çig mal bolup hyzmat edýär. Pagta süýümi Türkmenistanyň ähli pagta arassalaýjy Zawodlaryndan getirlýär. Getirilen kipler pagta süýüminiň görnüşlerine görä bölünýär. Soňra saýlanylýar we analiz edilýär. Süýümiň uzynlygyna, ýogunlygyna we reňkine görä garyndy döredilýär. Soňra kipler gaplaryndan çykarylýar we görnüşine görä arassalaýyş-daraýyş ugurlaryna goýulýar, olardan ikisi bar.

Daralan we arassalanylan süýümler bellenilen galyňlykda lenta görnüşinde ýörüte gaplarda rejelenip goýulýar. Lentanyň galyňlygyna we belgisine görä uzynlygy 5 000 we 6 000 metre ýetýär. Arassalanylan süýüm lenta görnüşinde gaplarda tigerçekler arkaly lenta bölümine ugradylýar. Bu bölümde hersinde 7 enjam bolan geçirijileriň 2-si bardyr. Şunlukda enjamlaryň jemi sany 14. Bu stanoklar Italýanyň (Wuuk) firmasynyň „SX2/D“ kysymly önümidir. Bu ýerde süýüm dartylýar we parallelleşdirilýär. Birinji geçişde 6 gatlak 1 lenta, ikinjisinden bolsa lentalaryň anyk dartylşynyň 6 gatlagy amala aşrylýar. Lentalaryň dykyzlygy ýörüte enjamlar arkaly gözegçilik edilýär. Her bir ýüplügiň belgisine görä aýratyn nomerli lentalar bellenilendir.

Önümçilik labaratoriýasy:

Labaratoriýa häzirki zaman gurallary we enjamlary bilen abzallaşdyrylan. Olar „USTER-TESTER-3, TENSOR APID-3, SPINLAB PORTAL, AWTOSORTER-3“ – lardyr. Getirilen süýümiň giriş gözegçiligi hem amala aşyrylýar. Mundan başga-da pagta lentalarynyň nädogrylygy, darak we lenta maşynlarynyň işi bellenilen möhletlerde yzygiderli barlanylýar. Taýýar önümiň hiline aýratyn üns berilýär. Ýüplügiň hili nomeri gündelik gözegçilikde saklanylýar. Taýýar önümiň hiline köp zatlar bagly bolup durýar. Taýýar önüm tabşyryknamalar we şertnamalar esasynda Türkmenistanyň dokma fabriklerine iberilýär we Ýewropa, Aziýa we Amerikanyň ýurtlaryna eksport edilýär.

Häzirki wagtda fabrikde önümiň özüne düşýan gymmatyny peseltmek we önümçülik kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak, ýokary hilli nah ýüpligi öndürmek maksady bilen dünýä ülňelerne gabat gelýän önüçülik maşynlaryny we enjamlaryny bölekleýin täzelemek işleri geçirildi, 2015-nji ýylda Gruzýanyň «MTC Lojistik» J.Ç. kompaniýasy bilen №04 TK-ML belgili alyş-çalyş şertnamasy esasynda 1 sany komressor, 2 sany egirji maşynlar 1-nji passajdan 2 sany 2-nji passajdan 2 sany lenteleýji enjamlary alyndy bu maşynlar we enjamlar fabrikde öňden işläp gelýän önüm öndürjiligi pese düşen enjamlaryň ýerine oturduldy fabrigiň maliýe ykdysady mümkinçiligine görä gelejekde dünýä standartlaryna gabat gelýän enjamlary bölekleýin çalyşmak göz öňünde tutulýar.

Bu bolsa önümiň özüne düşýän bahasyny peseltmegine, edilýän harajatlaryň azalmagyna öz oňyn täsirini ýetirmegine garaşylýar.Egirme enjamyna gerek bolan ätiýaçlyk şaýlary alyş-çalyş (barter) şertnamalar esasynda daşary ýurt kompaniýalaryndan alynýar. Kärhananyň esasy çig maly bolan pagta süýmini "Türkmenpagta" döwlet konserni " Türkmenistanyň Prezidentiniň Döwlet ätiýaçlyk goryndan alnyp üpjün edilýär. Karhananyň elektrik energiýasyny ölçeýji hem-de gaz ölçeýji enjamlary goýulan we işjeň ýagdaýda.

Bu enjamlar Germaniýanyň (Truçler) firmasynyň önümi bolan „Blendomat-BDT-019,RSK, RN, BOBA, MIKSER, DХ'' enjamlarydyr. Bu ýerde süýümler peşşerdilýär we hapadan, tozandan we başga zatlardan arassalanylýar. Mundan başgada bu ýerde ýangyna garşy germew we gaýry metal böleklerinde süýümi arassalamak üçin elektrik metal saklaýjy enjamy bardyr. Galyndylar turba geçirijiler arkaly ýörüte ýygnaýjylara iberilýär. Soňra wentilýatoryň kömegi bilen arassalanan süýüm daraýyş bölümine iberilýär. Bu ýerde Germaniýanyň (Truçler) firmasynyň önümi „DK-740“ kysymly daraýjy enjamynyň 36 – sy oturdylan. Enjamlarda süýüm daralýar we ýetişmedik gysga süýümler aýrylýar. Galyndylar turbalar arkaly sorulyp aýrylýar we ýörüteleşdirilen ýerde gysyş arkaly ýygnalýar.

2025-nji ýyl:

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly