Aşgabatda «Dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçiş – geljegiň energiýasy» atly sergisi açyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde Germaniýa Federal Respublikasynyň ilçihanasy Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde guralan «Dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçiş – geljegiň energiýasy» atly sergi işe başlady. Sergi meýdançasynda energiýa netijeliligi pudagyndaky bilermenleriň pikirleri we iş tejribeleri beýan edilýän interaktiw sensor paneller bilen enjamlaşdyrylan maglumat bölümleriniň bäşisi bar. Sergide jemgyýet, syýasat, ykdysadyýet we ylym nukdaýnazaryndan ählumumy energiýa geçişiniň köp derejeli ugurlary, meseleleri we mümkinçiligi görkezilýär. Bu ýere gelýänler Ýewropa ýurtlarynyň energiýany tygşytly ulanylşynyň ösüşi we ony ornaşdyrmak tejribesi, şeýle hem wirtual durmuş äýnekleriniň kömegi bilen geljegiň dünýäsi bilen tanşyp bilerler. Taslamanyň ýolbaşçysy Ýasmin Deren: – Bu sergi üç ýyl ozal başlandy we eýýäm Ýewropada, Aziýada, Pars aýlagy döwletlerinde we Merkezi Aziýa ýurtlarynda görkezildi. Hususan-da, biz ony Täjigistanda we Özbegistanda görkezdik. Serginiň indi Türkmenistanda, ýagny Aşgabatda geçirilýändigine begenýäris. Ol Türkmenistandan soň Gyrgyzystana we Gazagystana gider – diýip, gürrüň berdi. Energiýa geçişi gysga möhletli taslama däl, uzak möhletleýin we innowasiýa şertlerine hem-de ýerli, milli we halkara gatnaşyjylaryň ählisiniň hyzmatdaşlygyna esaslanýan energiýa ulgamynda düýpli gurluş özgerişidir. Sergi adamlary gepleşiklere çekmäge, dekarbonizasiýa we ählumumy energiýa geçişi barada bilim we pikir alyşmaga gönükdirilendir. Sergi ýekşenbe gününden başga her gün 25-nji iýuna çenli açykdyr. Ondan soň sergi Mary şäherinde işini dowam etdirer.

06.06.2024
2025-nji ýyl:

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly