«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy ussatlyk sapagyny gurady

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri ýörite ýaş ekologlar we tebigaty söýýän çagalar üçin sungatyň «treş-art» atly täze ussatlyk sapagyny döretdiler. Bu ýörelgä eýerýän suratkeşler esasan kagyz, sintetiki we ş.m. önümçilik galyndylaryny ulanyp, haýran galdyryjy sungat eserlerini döredýärler. Sapagyň dowamynda çagalar galyndylary aýry-aýry ýygnamagyň nämedigini, onuň daşky gurşawy goramaga kömegi we galyndylary nähili ulanyp boljakdygy barada düşünje alýarlar. Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar garaşylmadyk zatlary ulanyp, treş-art sungaty usulynda surat döretmäge mümkinçilik alýarlar. Çagalar öz elleri bilen ýasan zatlaryny sapakdan soň ýany bilen äkidip bilýärler.

14.05.2024
2025-nji ýyl:

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly