Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly Konsullyk patentini gowşurdy
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) Baş konsuly Öwezgeldi Jumanazarow 16-njy oktýabrda Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça Baş müdirliginiň direktory Gülsun Erkula Konsullyk patentini gowşurdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli gatnaşyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Şeýle-de diplomatlar geljekde hem iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýratyn nygtadylar. Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
17.10.2025