Hormatly Prezidentimiz Oraza baýramyny bellemek boýunça karara gol çekdi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin: Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2025-nji ýylyň 30-njy martynda bellemeli. 2025-nji ýylyň 30-njy martyndaky dynç gününi 31-nji marta — duşenbe gününe geçirmeli. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 28-nji marty. Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
29.03.2025