Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada maslahatlaşyldy

27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň orunbasary Wahid Jalalzade ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşugyň dowamynda 2024-nji ýylyň fewralynda Tähranda geçirilen hökümetara toparyň 16-njy mejlisinde gelnen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de ähli ýetilen ylalaşyklaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Mejlisiniň işiniň netijeleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi. Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

28.02.2025
2025-nji ýyl:

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly