TDHÇMB-nyň söwdalarynda ýeňil senagatynyň we nebithimiýa önümleri uly islege eýe boldy

2024-nji ýylyň 30-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri satyldy diýip, Türkmenistan Döwlet haryt we çig mal biržasy habar berdi. Daşarky bazarda Türkiýe Döwletiniň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 30 S" kysymly polipropileni, türkmen işewürlerinden türkmen Iki adamlyk taýýar düşekje toplumy Mitkal satyn aldylar. Türkiýe Respublikasynyň işewürleri Türkmen işewürler bilen aşgarlanmadyk nah ýüplüklerini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 089 375,35 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy. T.H.P. Link: https://turkmenistaninfo.gov.tm/news/4677

01.04.2024
2025-nji ýyl:

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly