Aşgabatda sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet boýunça ylmy-amaly maslahat geçiriler
20-nji sentýabrda Türkmenistanda «Sanly we «ýaşyl" ykdysadyýet – durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu barada 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow bu ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabatda aýdylmagyna görä, bu forum Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň Sanawyna” laýyklykda geçiriler. Maslahatda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi, maliýe-ykdysady we pul-karz syýasaty, zähmet gatnaşyklary, standartlaşdyryş ulgamy, sanly we "ýaşyl" ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, durmuş goraglylygyny sanlylaşdyrmak hem-de beýleki ugurlar boýunça çykyşlar göz öňünde tutulýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň ykdysady ösüşine bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. "Bu forumyň esasy maksady ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri giňden beýan etmekden ybaratdyr" diýip, döwlet Baştutany nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
07.09.2024