Türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär

Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň paýtagtymyzda geçiren duşuşyklary netijeliligi bilen tapawutlandy. Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika ugry boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň okgunly häsiýete eýedigini hem-de bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

30.08.2024
2025-nji ýyl:

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly