Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar. Nobatdaky mejlisiň işine Bütindünýä miras komitetiniň 21 sany agza ýurtlaryň wekiliýetleri, şeýle-de 1972-nji ýylyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýa gatnaşýan döwletlerden synçylar gatnaşýar. Mejlisiň açylyş dabarasyna Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi we ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azule, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň Sekretariatynyň işgärleri, medeniýet ministrleri, Ilçiler, ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň jogapkär sekretarlary we guramanyň dürli agza ýurtlaryndan degişli ugurdaky bilermenler gatnaşdylar. Çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, 23-25-nji iýul aralygynda Komitet Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen 124 gymmatlygyň ýagdaýyny gözden geçirer, olaryň 57-si Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen howp abanýan gymmatlyklardyr. 26-29-njy iýul aralygynda 27 gymmatlygy Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmek baradaky tekliplere garalar. Talapnamalar gymmatlyklaryň tebigy, garyşyk we medeni toparlary boýunça serediler. Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

23.07.2024
2025-nji ýyl:

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly