Türkmenistan we Singapur söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

17-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Singapuryň DIM-niň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa Direktoratynyň Baş direktory Samuel Tanyň arasynda duşuşyk geçirildi Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaý we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de sebitleýin we halkara düzümleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna deglip geçildi. Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, daşary syýasat edaralarynyň derejesindäki özara gatnaşyklary dowam etdirmek isleýändiklerini tassykladylar. Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

20.07.2024
2025-nji ýyl:

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly